gaýgy gaý‧gy at

Adamlarda döreýän aladaly, ünjüli pikir, gam-gussa.

  • Ýygylsa müň gaýgy, bir iş bitirmez. (Magtymguly)

  • Meniň gaýga, ýasa garşy durýanym, hemişe toý agtarýanym siziň özüňize mälim dälmi? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Gaýgy bilen öýlerine baranda, Ejesi gyzyna argyn seretdi. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  • Niçeler köp çekdi neşe hem meňi, Gaýgydan gan eňräp bolmady deňi. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

gara gaýgy

Dert, azap, alada.

gaýga basdyrmak

Uly alada gaýmak, çuň pikirde galdyrmak.

gaýga batmak

Bir zat barada gamlanmak, bir zadyň pikirini çekmek.

  • Artygyň gaýga batanyna dözüp bilmedik. Aýna: --Wiý, oglan, saňa name bolaýdy? -- diýip sorasy geldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • gaýga
  • gaýgam
  • gaýgyda
  • gaýgydan
  • gaýgydyr
  • gaýgylam
  • gaýgylar
  • gaýgylara
  • gaýgylardan
  • gaýgylary
  • gaýgylaryna
  • gaýgylaryny
  • gaýgyly
  • gaýgylydy
  • gaýgylygy
  • gaýgylylyk
  • gaýgylynyň
  • gaýgym
  • gaýgymda
  • gaýgymdanam
  • gaýgymmy
  • gaýgymy
  • gaýgymyň
  • gaýgyny
  • gaýgynyň
  • gaýgysy
  • gaýgysydyr
  • gaýgysyna
  • gaýgysynam
  • gaýgysynda
  • gaýgysyndady
  • gaýgysyndan
  • gaýgysyny
  • gaýgysynyň
  • gaýgysyz
  • gaýgysyza
  • gaýgysyzam
  • gaýgysyzdyr
  • gaýgysyzlyk
  • gaýgysyzyň
  • gaýgyň
  • gaýgyňa
  • gaýgyňda
  • gaýgyňy