gaýduwsyzlyk at

Gaýduwsyza has bolan gylyk-häsiýet, gaýduwsyz bolmaklyk, hiç zatdan gaýtmazaklyk, okgunlylyk.

  • Onuň ertekileriniň we hekaýalarynyň içinde batyrçylyk, edermenlik, gaýduwsyzlyk, wepalylyk häsiýetde bolan gahrymanlar diňçileriň dykgatyny özüne çekýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Munuň hem üstesine onuň hemişe ýüzüniň agyrlygy, gaýduwsyzlygy we duzly dili biziň ýaş akyllarymyza güýçli täsir edýärdi. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gaýduwsyzlyk - gaýduwsyzlygy.