gaýşartmak işlik

Arka tarapa egreltmek, döşi ileri berip, kelläňi arkan atdyrmak, arkan gaýyşmak.

  • Nursoltan gursagyny gaýşardyp ýöreýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Ol döşüni gaýşardyp, ardynyp, iki sany adamyny alyp geçdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gaýşartmak - gaýşardýar, gaýşardar, gaýşardypdyr.