gaýşak

Arka tarapa gaýşarylyp duran, arkan gyşaryp duran.

  • Çokaýynyň bagyny süýräp gelýän gaýşak bir ýaşuly gürrüňe goşuldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Bu iki barýan aýalyň bir-ä uzyn, gaýşak, semiz, çişik gara ýagyz, burunlak, saçy çalaran bir aýaldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gaýşak - gaýşagy.