gaýçy at

Mata we ş. m. zatlar kesilýän, gyrkylýan goşa tygly gural.

  • Meniň bolşum hem gadym bir akmak kazynyň özüniň uzyn sakgalyny gaýçy bilen gysgaltmagyä ýerine ot bilen gysgaltjak bolup, eňegini ýakyp hem sakgaldan aýrylyşy ýaly bolýar -- diýip, öz-özüne käýinerdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Baglary timarlap çyrpýan gaýçysyny alyp, eýwandan aşak düşdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

gaýçy gulak

seret gulak

  • Gaýçy gulak, dik boýun bardyr biziň atlarymyz. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

gaýçy guýruk

seret guýruk

  • Gaýçy guýruk garlawaçlar gaýyşyp, jaýyň depesinden her ýan uçýarlar. (A. Haýydow, Gök Asman)