gaý

  1. Gar, ýagyş gatyşykly güýçli ýeliň ösmegi bilen ýüze çykýan tebigy hadysa, harasat.

    • Derýa bilen barýarkalar, gaý turup, gämini daşa urup döwüpdir. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Gargy oýnasa, gaý tutar. (nakyl)

    • Çopan gaýda öser, molla-toýda. (nakyl)

  2. Güýçli sowuk.

  3. Göçme manyda Döwletler arasynda ýüze çykýan uruş, söweş.

    • Gaýyň garşysyna gaýduwsyz göreşip, ýolumyzy dowam etdirdik. («Mydam Taýýar» gazeti)

gara başyna gaý bolmak

Iş bilen gümra bolup, aljyrap ýörmek.

  • Bir adam çotuny şakyrdadyp gara başyna gaý bolup oturdy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

ýeser ýerde gaý tutmak

Gyssag arada işe zelel beriji päsgelçilik ýüze çykmak, biwagt şowsuzlyga uçramak.