Bir ýaňa gidermek, sypdyrmak.
Ol aňyrdan at gaçyran ýaly alakjap gelşine Myradaly aga daga ýüzlenip-heniz hem durmusyňyz -- diýdi. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Yzyma gaçyrman tutdular. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Elinden ýa-da ýokardan ýere düşürmek.
Ol yrandy, tüpeňin gaçyrdy, aradan salym geçmänkä, özi hem güpläp gitdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Kitaby elimden gaçyrdym.
seret heň 1
Hany, üç-dört sany heň gaçyraý. (B. Kerbabýew, Aýgytly ädim)
seret boýun
Horaz boýun gaçyrypdyr. («Mydam taýýar» gazeti)
seret haý
Soňky söz agsak Mürzäniň haýyny gaçyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
seret ynjalyk
Meýdanyň sözi öň hatarda oturan bir ýaşulynyň ynjalygyny gaçyrdy. (Sowet edebiýaty» žurnaly)