gaçmak işlik

  1. Duran ýerinden bir tarapa gaty ylgap gitmek, yza çekilmek. Bir sebäbe görä bolýan ýerinden işden ýa-da baş ga bir zatdan ygtyýarsyz çykyp gitmek, uzaklaşmak.

    • Bularyň birnäçesine ýara düşmegi sebäpli uzyn gije gaçyp bilmejeklerdir. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

    • Oraz serdar Eýrana gaçdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Gaçan gutular duran tutular. (nakyl)

  2. Elinden ýa-da ýokardan ýere düşmek.

    • Bu suraty görseň, diýýärsiň göýä, Aýyň bir bölegi ýere gaçypdyr. (A. Nyýazow, Şygyrlar)

  3. Peselmek, çekilmek, azalmak (suw hakda).

    • Derýanyň suwy gaçypdyr.

gany gaçmak

seret gan

  • Gorkusyna gany gaçdy ýüzünden, Gowşanlygyny äşgär etdi sözünden. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

haýy gaçmak

seret haý 1

hezili gaçmak

seret hezil

heziliň gaçmak

seret hezil1

  • Ysgynsyzlyk zerarly heziliň gaçmak.

ysgynyň gaçmak

seret ysgyn

  • Bütin gün işläp ysgynym gaçdy.