gaçakçylyk ga‧çak‧çy‧lyk

Döwlet serhedinden salgyt tölemän gizlin haryt geçirmeklik, gaçakçynyň alyp barýan işi, kontrabandistlik.

  • Hökümetiň iň ýaman görýän zady hem gaçakçylyk ahyry! (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gaçakçylyk - gaçakçylygy.


Duş gelýän formalary
  • gaçakçylyga
  • gaçakçylygy
  • gaçakçylygyna
  • gaçakçylygynda
  • gaçakçylygyndan
  • gaçakçylygynyň
  • gaçakçylykda