güzeran

[güzera:n]

Ýaşaýyş oňşugy, gün geçirme, eklenç, ýaşaýyş, durmuş.

  • Her ikimin öýi, islegi, durmuşy, güzerany hem başga. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Myraly baş wezir bolandan son, ilatyň ýagdaýyna, güzeranyna göz aýlap başlan eken. (Myhraly)

güzeran görmek

Zähmet çekip, ýaşaýyş durmuşyny amala aşyrmak, gün görmek.

  • Olaryň maşgalasy agzybir işläp, zähmet arkaly güzeran görer ekeni. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Her zat etmeli, gün geçirmeli, güzeran görmeli. («Sowet edebiýaty» žurnaly)