gütletmek işlik

Güt edip bir ýere zarply degirmek, bat bilen bir zada urmak, gütdüldili seslendirmek.

  • Ol çalçany gapyda gütledip düşürende, Bibiniň üstüne-de edermenlik satjakdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Bolduň-a meň başyma dilewar töwellaçy! -- diýip, öz döşüme gütledip urandygymy hem ýumrugym agyrandan soň bildim. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gütletmek - gütledýär, gütleder, gütledipdir.