Döşli, gabarasy uly, gaba.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gürzelek - gürzelegi.
seret sakgal
Ol: -- Ähem! -- diýdi-de, timar berlen gürzelek sakgalyny sypady. («Kolhoz günleri»)
Halnazaryň garşysynda duran orta boýly, zeýtun donly gürzelek ak sakgally, gürzelek çal sakgalyň kimdigini täze hyzmatkär bilmese-de, onuň haýbatyndan sussy basylyp, derrew ýabysyny jylawlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)