gürsüldi

  1. Ýürek, damar batly, güýçli uranda we ş. m. çykýan ses.

  2. Göçme manyda Ýürege düşýän howsala, galagopluk.

    • Ýagmyryň dyzyndan ysgyny gaçdy, Ýüregine elhenç gürsüldi düşdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Eziziň eşelonynyň Mara golaýladygyça, Artygyň ýüreginiň gürsüldisi köpelýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)