gürrüldi

Dwigatel işlände, maşyn ýörände, çarh aýlananda we ş. m. çykýan ses.

  • Samolýot howada gulaçlap gürrüldi saldy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Myradyň soňky sözleri duşlaryndan dazlap geçen ýük maşynynyň gürrüldisine goşulyp, zordan eşidildi. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Motorlaryň gürrüldisi ses-üýn alyşdyrmaýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)