gürrüňleşmek işlik

Pikir alyşmak üçin gürrüň edişmek, özara gepleşmek, sözleşmek.

  • Onuň bilen degşip, gürrüňleşer ýörerdim. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Hawa, men çalarak kakdyryp gürrüňleşip gördüm weli, Tyllagözelem oňa garşy däl ýaly. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ol daýhanlar bilen gürrüňleşmegi gowy görýärdi. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)