Pikir alyşmak üçin bile gürrüň edişýän, bile gürleşýän adam.
Ol birden dymdy, onuň göwnüne gürrüňdeşi Türkmen diline düşünmeýän ýaly boldy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Onuň her gürrüňdeşi, her bir sorag-sowal edeni, her ilden, her obadan hem dul, hem gyz salgy berdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Indi men öz gürrüňdeşimiň öz gepi üçin her bir işden gaýtmajakdygyna gözümi ýetirdim. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Bir zat hakda gürrüň etmek, biri bilen gürleşmek.
Men onuň bilen gürrüňdeş bolanymda, tapýan delillerini ugursyz gördüm. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Çary aga her gün baryp aýlanýar, gurluşyk tehnigi bilen gürrüňdeş bolýar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Men seniň bilen gürrüňdeş bolaryn. («Sowet edebiýaty» žurnaly)