gürlemek işlik

  1. Gürrüň etmek, söz sözlemek, geplemek.

    • Häkim kel köp gürledi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ölen-ýiten bolmadyk bolsa ýagşy -- diýip, sorag hökmünde gürledi. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)

    • Käselerde çaý süzüşip ikisi gülüşip, oýnaşyp, gürläp otyrlar. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  2. Gürrüldili ses etmek, arlamak (ýolbars, gaplaň we ş. m. hakda).

    • Gaplaň gürler gaýasynda, Jeren gezer saýasynda. («Türkmen Halk Şahyrana Döredijiligi»)

    • Ol yzly-yzyna ýyldyrym çakyp, üznüksiz gök gürleýenini hem şaglap çabga ýagýanyny aňlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Gök gürläp, ýyldyrym çakyp, ýagyş ýagmaga başlady.

ak köpük saçyp gürlemek

Batly-batly, çalt-çalt gürlemek, gaharly gürlemek.