gürleşmek işlik

Pikir alyşmak maksady bilen gepleşmek, gürrüň edişmek, sözleşmek.

  • Eziz Artygy ýanyna çagyryp, onuň bilen mylaýym gürleşmek küýine düşdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ine oturgyçda otyr gürleşip, Bag astyna goşa gül biten ýaly. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Gürleşip meniň bilen hal-ahwalym sorady. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Ol meniň bilen çaý içip, gürleşmäge başlady. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)