gürüm-jürüm

gürüm-jürüm bolmak

Birden gözden ýitmek, ýitirim bolmak, zym-zyýat bolmak.

  • Goýun itleriniň biri gürüm-jürüm boldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Bä, ol bu zatlaryny taşlap, nirä gürüm-jürüm bolduka? (N. Pomma, Egri Eýikmez)

  • Edil sapana salnyp atylan ýaly garaňky gijede gürüm-jürüm boldy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Ol Sähediň sesi çykan badyna gürüm-jürüm bolupdyr. (A. Gowşudow, Eserler)