güplemek işlik

  1. Çakdanaşa özüňi öwmek, öwnüp gürlemek, öwünmek.

    • Ojagyň başynda güplemegi kim oňarmaz öýdýärsiň? (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Ýygnak, meýlise barsam, Boş güpläp gürlämok. («Tokmak» žurnaly)

  2. Batly degmek, güpbüldili seslenmek, ýykylmak.

    • Ol tüpeňini gaçyrdy, aradan salym geçmenke, özi hem güpläp gitdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Çyňlan top güpläp onuň arkasyna degdi.