güpjek

Dört burçy däl-de, iki tarapy büzülen togalak ýassyk.

  • Ejesi onuň gapdalyna güpjek taşlady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Artyk töwerege göz gezdirenden soň, düşegiň üstüne geçip, güpjege tirsegini berdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem güpjek - güpjegi.