güpbi

Pagtaly, gysga we galyň daşky geýim.

  • Hoşgeldi güpbüsiniň ýakalaryny galdyryp, dik oturdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Olaryň ikisi hem pagtaly jalbar, pagtaly güpbi, tilki derisinden gulakjyn geýinipdir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem güpbi - güpbüde, güpbüler, güpbüsi.