güpbe

Şol bada, hasyr-husur, derrew, birden.

  • Berdiniň güpbe ýadyna düşüp, uly ünjä gitdi. («Mydam taýýar» gazeti)

  • Görogly güpbe atdan düşdi. («Görogly» eposy)

  • Öweziň oglunyň doglan gününiň toýudygy Esenowyň güpbe ýadyna düşdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)