günäkär

  1. Jenaýat iş eden, ýazykly, etmişli, günäli.

    • Günäkär bolsaň, bir eýýäm jogapkärçilige çekerdik. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

    • Günäkärsiň sud öňünde sömelderis, Jezalandyrylman galmasaň gerek. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Kart oýnunyň başynda ýarag ujundan ölen bir adam sebäpli günäkär bolanlaryň arasy bilen Gurt hem günäkärçilige çekildi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Garly ussa, bu işde men çigit ýaly günäkär däl ahyryn. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  2. Göçme manyda Sebäp bolan. Sebäpkär.

    • Gyz özüni günäkär saýýan ýaly görünýärdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)


Duş gelýän formalary
  • günäkär-de
  • günäkärde
  • günäkärdi
  • günäkärdigi
  • günäkärdigimi
  • günäkärdigine
  • günäkärdigini
  • günäkärdiginiň
  • günäkärdiklerini
  • günäkärdir
  • günäkärdirler
  • günäkäre
  • günäkärem
  • günäkäri
  • günäkärini
  • günäkäriniň
  • günäkäriň
  • günäkärler
  • günäkärlerden
  • günäkärlere
  • günäkärleri
  • günäkärlerini
  • günäkärleriň
  • günäkärlige
  • günäkärligi
  • günäkärligini
  • günäkärlik
  • günäkärmi
  • günäkärmikä
  • günäkärmiş
  • günäkärsiň