günä at

  1. Dine uýýan adamlaryň düşünjesine görä: şerigatyň düzgünini bozmaklyk.

  2. Ýalňyşlyk, nädogrulyk bilen edilen hereket, ýazyk, etmiş.

    • Ýoldaş Akmemmedow, bu ýerde meniň günäm näme? -- diýip, ol sesini saňňyldadyp geplemek bilen ähli gynanjyny ýüze çykardy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

günä ýüklemek

Boýnuna günä atmak, günä ýöňkemek.

günäň ötülmek

Eden günäň bagyş edilmek, günäň geçilmek.

günäsini geçmek

Günäsini, eden etmişini bagyşlamak, ötmek.

  • Boýdaş jan, meniň günämi geç! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

günäsini ötmek

seret günäsini geçmek

  • Bar, günäňi ötdüm. («Görogly» eposy)