Astronomiýa Töwereginden Ýer, Aý we beýleki planetalar aýlanýan ýeriň ýüzüne ýagtylyk berýän asman jismi, planeta.
Gün dogdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Gyzgyn Gün ýaňyja batypdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Bir gije-gündiziň dowamyndaky wagt aralygy, sutka.
Ýene iki günden Moskwa ýeteris.
Hepdäniň, aýyň we ýylyň dowamyndaky döredijilik meşgul bolunýan belli bir wagt.
Iş güni.
Göçme manyda Eklenç, durmuş, güzeran.
Günüm üçin günümiň aglanyny allalaýaryn. (nakyl)
Gün geçirmek üçin işläp güzeran görmek, eklenç etmek. Pukara daýhanlar bolsa talabanlykda, çapan- çoluklykda gün geçirýärdiler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.
Meselem gün - günüm, günüň.
Gowy durmuş görmek, bol-elinlikde ýaşamak.
Seni oda atyp, men özüm bal günüme batjakmy? (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Çykgynsyz ýagdaýa salmak, agyr durmuşa ýetirmek.
Her agzasynyň çym-pytrak dagadyp, Ebedilik galmaz güne salarys. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Agyr horlukda ýaşalan günler, horlukly wagt.
Günüň şöhlesi düşmek.
Üsti açylan meýdana sähelçe gün degip, ýel çaldygy, şol bada gyrpaklap agarýardy. («Zähmet gahrymanlary»)
Gün urmak, günde köp gezip nähoşlamak.
Durmuş üçin zähmet çekmek, güzeran görmek, eklenç etmek, ýaşamak.
Ýygnakda garaljak meseleleriň jemi, yzygiderliligi.
Sessiýanyň gün tertibinde üç mesele tassyklandy. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)
Gündelik edilmeli işler barada düzgün, tertip.
Ol özüniň gün tertibini düzüpdi. (D. Baýmyradow, Söýgi we mekirlik)
Kynçylyk çekmek, jebir çekmek, gaty horlamak.
Şu bolşumda, şu günde, Gün ýamanyň görsem-de, Ýaranmaýardym ýene-de ýaranaryn diýip ýörsem-de. (B. Kerbabaýew, Poemalar)
Bir zat üçin keýp göterilmek, guşy uçmak, göhi gelmek.
Onsoň Narly Nepesowiçiň güni gelýär. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Bolmaly, döremeli, ýüze çykmaly we ş. m. wagty ýetmek, wagty dolmak, wagty bolmak.
Baýtalynyň güni-sähedi dolup, tazynyň çagasy ýaly bir zat taşlady. («Görogly» eposy)
Jebir-jepada ýaşamak, kyn durmuş geçirmek.
Horman nogaýyň gününe it aglar diýipdir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Rahat durmuşy bozmak, maşgala durmuşa agzalalyk salmak.
Sen näme üçin meniň rahat günümi çaýkaýarsyň? («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Birine duýgudaşlyk etmek, biri hakynda aladalanmak.
Elgarama bolmak, eklenjiň kişä garaşly.
Iş güni hökmünde bellenilen iş normasy.