gümra güm‧ra

[gümra:]

  1. Geplemän, sessiz-üýnsüz oturan, lal ýaly bolup oturan.

    • Bu gürrüň gozgady gümra ýigidi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Gezen-derýa, oturan gümra. (nakyl)

  2. Bir zada aşa meşgul, öz işi bilen başyna gaý.

    • Nury özbaşyna gümra bolup ýörendigi üçin, daşyndakylaryň näme işleýändiginden habary ýokdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Her kim öz halysyny germek bilen gümrady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • gümrady
  • gümradylar
  • gümradyr
  • gümralyga
  • gümralyk
  • gümramy