Tüpeň we ş. m. zat atylanda emele gelýän zarply ses, urulmak zerarly tüpeňiňkä meňzeş çykýan zarply ses.
Emma onuň teni gümpüldi bilen tiz öwrenişdi. Wagonlardan birine ot düşüp, snarýad gümpüldisi ýeri sarsdyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Tüpeň sesiniň gümpüldisi tokaýda ýaýrap gitdi. («Mydam taýýar» gazeti)