gülmek işlik

Gülki döretmek, yzly yzyna gülküli ses çykarmak.

  • Aýsoltan jakgyldap gülenini duýman galdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem gülmek - güldüm, güldüň, gülüpdir.

gülüp kese ýykylmak

Bir zada hezil edip yzygiderli gülmek, dowamly gülmek, gülüp gyzyl gyran bolmak.

üstünden gülmek

Birini ýaňsylamak, birini gülki astyna almak, masgaralamak.

  • Näme beýle adamynyň üstünden gülýärsiňiz?