Tutuş gül bolup ýatan; çemenlik, lälezarlyk.
Gülälekler ýygyp, gaýtdyk şähere. Emma unutmarys gülli meýdany. (A. Haýydow, Gök asman)
Gül getirýän gülli bar bolan.
Gülli ösümlikler howasyz ýaşap bilmezler. (S. N. Winogradow, A. F. Kuzmin, Logika)
Gül basylan, gül nagşy çekilen.
Gülli jorap örmek.
Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.
Meselem gülli - güllüde, güllüler, güllüsi.
seret göz
Onuň gülli gözüniň üstündäki ýuka gabagy gymyldap, keşbine bir hili üýtgeşiklik berdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)