Güllemäge mümkinçilik bermek, gül getirmek, gül açdyrmak.
Tohum almak üçin ýorunjany gülletmek.
Göçme manyda Bag-bakjalyga, gülzarlyga öwürmek.
Garagum çölüni gülletmek hakda, iki garry uzak gürrüň etdiler. (N. Pomma, Goşgular)
Göçme manyda Ýokary derejede pajarlap ösdürmek.
Watany gülletmek.
Çöregiň hamyryny gowy aldyrman bişirip, çöregiň ýüzüni galdyrmak.
Çöregi gülletmek.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gülletmek - gülledýär, gülleder, gülledipdir.