güldürmek işlik

Birini gülmäge mejbur etmek, gülki döretmek.

  • Bolduran hem aýal, güldüren hem aýal. (nakyl)

göz güldürmek

seret göz

  • Şol sözler oňa gurp berdi, Aýnanyň çökgün göwnüni göterdi, gözlerini güldürdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Akgyz göz güldürip, göwnün güldürip, bu ýagdaýda hoşaldygyn bildirdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)