gülala-güllük

[güla:la-güllük]

Uruş-sögüşsiz, oňatlyk, parahatlyk, asudalyk.

  • Üç-dört aýlap hemmesi gülala-güllük boldy. (M. Ý. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany)

  • Siz obadan arkaýyn boluň! Bu ýerler gülala-güllük. (H. Ysmaýylow, Powestler)

  • Bütin ilat gülala-güllük. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gülala-güllük - gülala-güllügi.