Botanika Käbir ösümlikleriň açylýan ysly gunçasy ösümligiň tohum ýaýradyjy organy we şol ösümlikleriň umumy ady.
Bu keşdäniň daşyndan garasaň, bir açylyp oturan güle meňzeýärdi, el bilen barlamasaň, onuň matadygy hem mälim däldi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Her gülüň bir ysy bar. (nakyl)
Gülüň biten ýerinde gadyry ýok. (nakyl)
Güle kast edip degen kül bolar. (nakyl)
Bagananyň buýrasy.
Bu bagananyň güli gowy.
Keçäniň ýüzüne salynýan nagyş.
Bu keçäniň güli gowy.
Almadyk hamyrdan çörek bişirilende, çöregiň ýüzünde emele gelýän ýanyk.
Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.
Meselem gül - gülüm, gülüň.
seret meňiz
seret ömür
Arap sopulary ýaly uzyn köýnegiň bilen sülpüldäp, Meniň gül ömrümi kül etdiň. (N. Pomma, Taýlak hyzzynn.)
Arassa we bezelen bolmak, rejeli hem-de owadan bolmak.
Arassa we bezelen hala getirmek, rejeli we owadan görk bermek.
Bir zadyň iň gowusyndan peýdalanmak, iň gowusyny saýlamak.