güjük

  1. Itiň we ş. m. ýaşajyk çagasy.

    • Ol ýolbarsyň güjüginiň ulalyp, öz sygryna ýaralyşyny we awçylykda gören başga gyzykly zatlaryny gürrüň bererdi. (A. Gowşudow, Mahri-Wepa)

    • Güjük üýrmäni enesinden öwrener. (nakyl)

  2. Ite deňelip aýdylýan gödek sögünç.

    • Kes sesiňi, güjük! Ol çöregi nireden ogurladyň. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem güjük - güjügi.