Ýognas çykýan ses, açyk çykmaýan ses.
Tokaý tarapyndan gelen güňleç ses göz açyp-ýumasy salym kesildi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Suwuň güňleç sesi eşidilýärdi. («Kolhoz günleri»)
Tüpeňiň güňleç sesi obanyň içine ýaýrap gitdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Çelegiň içinden çykýan ýaly güňleç güwwüldi eşidildi. (N. Jumaýew, Syrly gala)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem güňleç - güňleji.