Güýji köp bolan, kuwwatly, zor.
Görogly iner dek güýçlüdi. («Görogly» eposy)
Zarply, batly.
Howa naçe ýakymly, mylaýym bolsa-da, bir görseň ýyldyrym çakyp, gök gübürdap, güýçli çabga ýagyp dur. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Güýçli elin gamyş öýi dumly-duşa dagadyşy ýaly, olar-da pytrap gidipdirler. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.
Meselem güýçli - güýçlüde, güýçlüler, güýçlüsi.