güýç güýç at

  1. Janly zatlaryň muskullar arkaly fiziki hereketi, täsir etmegi, şonuň ýaly hem, umuman fiziki ýa-da moral taýdan aktiw hereket etmeklige bolan başarjaňlyk, gurp, ukyp.

    • Pursat tapan mahaly, it gaçjak bolup, bar güýji bilen bir tarapa baka özüni oklady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Güýji ýetmez göre galar. (nakyl)

  2. Fizika Hereketi emele getiriji, dörediji kuwwat, energiýa.

    • Merkezden daşlaşýan güýç.

  3. Bir zat öndürmeklige ýardam berip biljek ähli enjamlar, gurallar, abzallar.

    • Ähli güýji şu synaga hötde gelmäge mobilizlemek gerek. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  4. Zarba, bat.

  5. Göçme manyda Aň-düşünje, başarjaňlyk.

    • Akyl güýç berer, güýç hem ýürek. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem güýç - güýjüm, güýjüň.

gara güýç

Howply güýç, elhenç zat.

güýç goşmak

Güýji artdyrmak, gurplandyrmak.

  • Ýene bu sözleri ngaýtalap ençe, önküden-de artyk güýç goşup güýje. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

güýçden salmak

Güýjüni gaçyrmak, gujurdan düşürmek.


Duş gelýän formalary
  • güýje
  • güýjedi
  • güýjem
  • güýji
  • güýji-de
  • güýjüdi
  • güýjüdir
  • güýjüm
  • güýjümden
  • güýjüme
  • güýjümi
  • güýjümiz
  • güýjümize
  • güýjümizem
  • güýjümizi
  • güýjümiziň
  • güýjümiň
  • güýjün
  • güýjünde
  • güýjünden
  • güýjündäki
  • güýjüne
  • güýjüni
  • güýjüni-de
  • güýjüniň
  • güýjüniňem
  • güýjüň
  • güýjüňden
  • güýjüňe
  • güýjüňi
  • güýjüňiz
  • güýjüňizden
  • güýjüňize
  • güýjüňizi
  • güýç-de
  • güýçde
  • güýçdedi
  • güýçden
  • güýçdenem
  • güýçdi
  • güýçdäki
  • güýçdügi
  • güýçdügine
  • güýçdügini
  • güýçdüginiň
  • güýçdür
  • güýçler
  • güýçler-de
  • güýçlerde
  • güýçlerden
  • güýçlerdigini
  • güýçlerdir
  • güýçlere
  • güýçlerem
  • güýçleri
  • güýçleri-de
  • güýçleridi
  • güýçleridir
  • güýçlerimi
  • güýçlerimiz
  • güýçlerimize
  • güýçlerimizi
  • güýçlerimiziň
  • güýçlerin
  • güýçlerinde
  • güýçlerinden
  • güýçlerindäki
  • güýçlerine
  • güýçlerini
  • güýçleriniň
  • güýçleriň
  • güýçleriňiz
  • güýçli
  • güýçlimi
  • güýçlisi
  • güýçlisidi
  • güýçlüdi
  • güýçlüdir
  • güýçlüdirem
  • güýçlüler
  • güýçlülerde
  • güýçlülerden
  • güýçlülere
  • güýçlüleri
  • güýçlüleridi
  • güýçlülerinden
  • güýçlülerine
  • güýçlülerini
  • güýçlüleriniň
  • güýçlüleriň
  • güýçlüligi
  • güýçlüliginden
  • güýçlüliginiň
  • güýçlüligiň
  • güýçlülik
  • güýçlülikde
  • güýçlümi
  • güýçlümiş
  • güýçlüni
  • güýçsüz
  • güýçsüzdir
  • güýçsüzligi
  • güýçsüzliginden
  • güýçsüzligini
  • güýçsüzlik