gözenek

  1. Atanaklaýyn görnüşde kakylyp, çekilip edilen germew.

    • Şondan soň ol bagyň bir burçunda, gözenek agylça içinde towuklaryň öňüne sepilen arpany gördi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Penjeresiniň daşyna bolsa demirden gözenek etdirdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Gara öýleriň durlugy, gamşy aýrylan täriminiň deşikleri, şol gözenegiň öňi.

    • Öýüň gözeneginde ýatan alaganjyk geçip barýan ýaba topuldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Sadap, name üçin gözenegi açaňok. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gözenek - gözenegi.