göz-gulak

göz-gulak bolmak

Habardar bolmak, esewan etmek, seretmek.

  • Ol durmuşyň nämalim hem çolaşyk ýollarynda, hemişe sol gylyçdan göz-gulak bolmalydy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Meň özüm bir göz-gulak bolaýyn. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Ilýuşkadan göz-gulak bol. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)