göwüs

  1. Kükrek, döş, gursak.

    • Maňlaýy sakar ol atyň göwsi ilerik omzamak bilen, iki öň aýagynyň arasyndan possunly sümäýmelidi. (B. Keýbabaýew, Aýsoltan)

  2. Aýal maşgalanyň süýt inýän mäzi, emjek, mäme.

    • Ol iki goluny sallap, messan basyp ýäräp gelýärkä, onuň ýalpyldawuk gara saçlary iki göwsüniň üstünde oýnap, biri-birine owsun atýar. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

    • Öz göwsüniň ak süýdüni emdiren seniň ýaşaýşyňa garşydyr öýdýärmiň? (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem göwüs - göwsüm, göwsüň, göwsi.