Öwüt-nesihat etmek, göwnüňi köşeşdirmek üçin hoşamaý söz aýtmak, teselli bermek, rahatlandyrmak.
Ýaralaryňyz hem bahym ýagşy bolar -- diýip, Pýotr göwünlik berdi. (A. Gowşudow, Eserler)
Näme bolsa, gelensoň görübereris! -- diýip, özüniň başlygyna göwünlik berip, gapa tarap hyýallandy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)