götinjeklemek işlik

[göti:njeklemek]

  1. Yzyna ýöremek, götin çekilmek, götinligine hereket etmek.

    • Alaşa bir ädim götinjekledi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Başlygyň aty bir-iki ädim götinjekledi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Ikirjiňläp durmak, yza serpip başlamak.

    • Goşun götinjekläp durdy.

  3. Öz aýdanyňdan boýun towlajak bolmak, öz diýeniňden dänip başlamak, dönmek.

    • Ol indi öz aýdan sözünden götinjekläp başlady.

  4. Azary gaýdyp başlamak, peselmek.

    • Kesel indi birneme götinjekläp başlady. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)