götermek işlik

  1. Ýokary galdyrmak, ýere degirmän saklamak, ele ýa arka almak.

    • Musa aga suwly küýzesini göterdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  2. Göçme manyda Kabul etmek, almak.

  3. Göçme manyda Noş etmek, içmek.

    • Gelen myhmanlaryň saglygyna göterdiler.

bagşa «göter!» diýmek

seret bagşy

baş götermek

seret baş1

  • Zuluma çydaman baş götermek.

el götermek

seret el

oýny götermek

seret oýun

  • Edilen oýny götermek.

ökje götermek

seret ökje

  • Gygyryp, döşüni tutup ökjäni göterdi. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)