Ýerden ýokary galmak, ýerden saýlanmak, ýokary galmak.
Gündogardan göterilen daň sanagy dünýä ýüzüne çalymtyk çäkmen bolup çaýylýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Mähnet gazandaky palawy aşbaz kepje bilen agdardy, olardan göterilýän şireli bug atbaşçylaryň burnuna urdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Uçar ýaňy göterilipdi.
Göçme manyda Salykatlylygyňy ýitirmek, gopbamsyramak, hondan bärsi bolmak, güplemek.
Göçme manyda Gaty şatlanmak, guwanmak, hondan bärsi bolmak, keýpiň artmak.
Keýpleri barha döterildi. («Tokmak» žurnaly)
Göçme manyda Içilmek.
seret göwün
Ýas maldarlaryň zalyna gireniňde göwnüň has-da göterilýär. («Mydam Taýýar» gazeti)
Biynsap bolmak, ynsap gaçmak.
Ondan ynsap göterilipdir ahyryn!