Köp bolup dabara bilen birini ýokary galdyrmak, götermek.
Ýigitler Amany, gyzlar Gülnary götergiläp, şondan öýe saldylar. (R. Seýidow, Bagtlylar)
Göçme manyda Abraýyny galdyrmak, ýokary götermek.
Mämetweli ony götergiledi.
Owganystana gaçyp giden Eziz Çapyk Tejene gaýdyp gelipdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Göçme manyda Üstüňden gülmek maksady bilen ýalandan öwmek, oýnamak.
Götergilär ýaly, oýnar ýaly men seniň üçin oglan-oglanjyk däl.