Bir zadyň daş sypaty, daş şekli, daş keşbi.
Beýik dagyň öňünde ýatan şu giň meýdanyň ýüzi bäş-alty ýylyň içinde düýbünden başga görnüşe öwrüldi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Her agajyň bir hili görnüşi, göwnüňi göteriji ýakymly ysy bar. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Bir zadyň hili, tipi, formasy.
Özüňi görkezme.
Agaýunus gyzlar bilen görnüşe geldi. («Görogly» eposy)
Ozalky sapar görnüşe iberen ýerimde kelläňi ýalaňaçlap, agzyňa geleniňi ýaňrap, meni masgara edipsiň. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Spektaklyň bir bölümi, perde.
Oýnuň bir görnüşi gutardy.
Operanyň ahyrky görnüşi.
Filosofiýa Predmetler ýa-da düşünjeler klaslara bölünende, sistema salnanda kas umumy manydaky predmetiň, düşünjäniň -- jynsy (urug) düşünjäniň içine girýän bir umumy düşünje.
Meselem, ylym -- has umumy düşünje (jynsy düşünje), dil bilimi -- ylmyň içine girýän umumy düşünje -- görnüş.
Lingwistika Käbir dillerde, meselem Rus dilinde, gymyldy-hereketiň bolup geçiş häsiýetini: başlanýanlygyny, dowamlylygyny, gaýtalanýanlygyny, köp gezek ýa bir gezek bolup geçýänligini we ş. m. görkezýän grammatik kategoriýa.
Işlik görnüşleri.