görmek1 işlik

  1. Görüş ukybyna eýe bolmak.

    • Ol indi öz ýoluny görýär.

  2. Göçme manyda Biri bilen duşuşmak, birine gabat gelmek.

    • Men Atany şäherde gördüm.

  3. Göçme manyda Başdan geçirmek.

    • Patyşa wagtynda sakgalymyzyň reňki üýtgän wagtynda, biziň gözümiz nämeler görmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem görmek - gördüm, gördüň, görüpdir.

görmezlige salmak

Görmediksirän bolmak.

görmek2 at

seret görk

  • Bagt berdiň, görmek berdiň, görk berdiň. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Syrkawlyk zerarly onda görmek galmandyr.

  • Sonanyň hiç gyzdan görki hem kem däl, görmegi hem.