görkezme

  1. Işi we ş. m. ýerine ýetirmek üçin berilýän tabşyryk, salgy berilýän ugur.

    • Sen şondan soň ne-hä geldiň, ne-de öwüt-ündew üçin listonkalar, görkezmeler aldyň. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Pökgeniň agronomyň görkezmelerini tutmaýan ýerleri bolýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Ýuridik termin Sülçi soragynda berilýän jogap, maglumat.

    • Ol soragda hem başga hiç hili görkezme bermedi.

    • Günäkäriň ýazuw üsti bilen berýän görkezmesi.