görk at

Görnüş, syrat, keşp, owadanlyk.

  • Parlak gün şuglasy-da, bu gyzyň asly görküne görk goşýan ýalydy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Köçeler bezelgi, çaňdan ýok nowa, Tebigatyň bezegine görk goşýar. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Azat Watanymyzyň görki, Mert nesli, merdana ýaşlar. (Nuri Annagylyç, Saýlanan eserler)

  • Görk -- agyzdan, görmek -- eginden. (nakyl)

  • Görk -- agyzdan, haýa gözden. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem görk - görküm, görküň.